Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy uly joşguna beslendi. Baýramçylyk dabarasynda Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mygallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen gutlagy professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň Watana bolan buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Halypa professor-mugallymlar, bagtyýar talyp ýaşlar öz çykyşlarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly kalplaryndan çykýan çuňňur sagbolsunlaryny, alkyşlaryny beýan etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgesi hemmämiz üçin, aýratynam ýaşlar üçin nusgalyk görelde, ylmy ýörelge, ussatlyk, durmuş, merdanalyk-mertlik mekdebidir- diýip, aýratyn belläp geçdiler.
Baýramçylyk dabarasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Altyn nesil” medeniýet merkeziniň “Bagtyýarlyk mukamy” çeper höwesjeňler toparynyň belentden ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlarynda, joşgunly çykyşlarynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň adyny tutuş dünýäde belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, bagtyýar döwrümiziň rowaçlyklaryny wasp etdiler.