2025-07-31
Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny beýan etmek üçin dalasgar.bilim.tm atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi.
Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edişlik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy döredildi. Bu çeşme arkaly dalaşgärler her ýokary okuw mekdebindäki her hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilerler.