STEM BILIMINI ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA OKUW-USULY MASLAHAT GEÇIRILDI
2026-10-25
Gahryman Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladalary bilim ulgamynyň işgärlerini bu ugurda netijeli işlere ruhlandyrýar.
“Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2026-njy ýyl üçin Ýol kartasynda” bellenilen çäreleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “STEM bilimi: mekdebe çenli çagalar edaralaryndan ýokary okuw mekdebine çenli” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi.
Sanly ulgam arkaly guralan okuw maslahatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlarynyň hem-de çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň nutuklary diňlenildi. Çykyşlarda bilim ulgamyna STEM usulyýetini ornaşdyrmagyň möhüm meseleleri, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler, STEM usulyýetiniň artykmaçlyklary we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.