12-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Týumen döwlet uniwersitetiniň birinji prorektory Andreý Wiktorowiç Tolstikowyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde we onuň alyp barmagynda “Bioykdysadyýet nukdaýnazaryndan biologik dürlülik” atly master-klas okuw sapagy geçirildi.
Iş saparynyň çäklerinde Týumen döwlet uniwersitetiniň wekili bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň arasynda özara ylym-bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşykdan soňra myhman “Institutyň taryhy muzeýi”, “Arheologiýa we etnografiýa muzeýi” hem-de institutyň täze binalar toplumynyň döwrebap okuw auditoriýalary, ylmy tejribehanalary bilen tanyşdyryldy.