jero-photo
news-photo

Okuw-usuly maslahat geçirilýär!

2026-10-14

       Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okatmagyň STEM usulyýetini tapgyrlaýyn ornaşdyrmagyň 2026-njy ýyl üçin Ýol kartasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda “STEM bilimi: mekdebe çenli çagalar edaralaryndan ýokary okuw mekdebine çenli” atly gibrid görnüşinde okuw-usuly maslahatyny geçirýär. Maslahat häzirki zaman şertlerinde bilim ulgamyny kämilleşdirmek we STEM usulyýetini ähli bilim ojaklaryna tapgyrlaýyn ornaşdyrmak meselelerine bagyşlanýar.

       Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler özi baradaky maglumatlaryny we ylmy-usuly makalalaryny  ýazmaça hem-de elektron görnüşinde 2026-njy ýylyň 20-nji oktýabryna çenli s.seydi-tdmi@yandex.ru  salga ugratmaly.

        Habarlaşmak üçin: +99365861697