Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
2026-09-23
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp “Garaşsyz Türkmenistan: ylym, bilim we innowasiýa arkaly ösüş” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň, mugallymçylyk ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Maslahatyň işi umumy mejlisde we 5 sany bölümçelerde alnyp baryldy. Maslahatda Garaşsyzlygyň milli demokratik esaslary, Garaşsyz Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryndaky orny, Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen türkmeniň milli aňyýeti we millilik, ylym-bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler, bilim we terbiýe bermegiň häzirkizaman usullary şeýle-de ylmyň aýry-aýry ugurlary boýunça ylmy çykyşlar diňlenildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ylymly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ukyply, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.