jero-photo
news-photo

«Durnukly ösüşiň gazanylmagynda ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny» atly ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň beýanynyň ýygyndysy neşir edildi

2026-09-23

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň 25-nji maýynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni” mynasybetli geçirilen “Durnukly ösüşiň gazanylmagynda ýaşlaryň ekologiýa biliminiň orny” (4) atly ylmy-amaly maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň eden çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýygyndysy neşir edildi. Ýygyndy 4 bölümden ybarat bolup, 160-dan gowrak ylmy çykyşlaryň gysga beýanlary ýerleşdirildi. Bu ýyçyndy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlandy.