jero-photo
news-photo

“Beýik Seljukly döwleti: taryh, taryhnama, çeşmeşynaslyk” atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

2026-09-23

      Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan Beýik Seljukly döwleti: taryh, taryhnama, çeşmeşynaslyk” atly ylmy makalalar ýygyndysyna ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, ylmy institularyň alymlarynyň, aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejesine dalaşgärleriň ylmy makalalary ýerleşdirildi. Ylmy makalalar ýygyndysy “Beýik seljukly döwletiniň taryhy (syýasy taryh, ykdysadyýet, ylym, medeniýet we daşary syýasat)”, “Beýik seljukly döwletiniň taryhynyň taryhnamasy: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” hem-de “Beýik seljukly döwletiniň taryhynyň çeşmeşynaslygy” atly üç bölümden ybarat bolup, ýygynda jemi 58 sany taryhy ylmy makalalar girizildi.