jero-photo
news-photo

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi

2026-09-23

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ylym-bilim ulgamynda batly gadamlar» atly ylmy makalalar ýygyndysy neşir edildi.

   Bäş bölümden ybarat bolan ýygynda institutyň professor-mugallymlarynyň, ýaş alymlarynyň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň we alymlyk derejesine dalaşgärleriniň 110-dan gowrak ylmy makalasy girizildi.

    Ýygyndyda taryh we jemgyýetçilik ylymlary, dil we edebiýat, tebigy we takyk ylymlar, pedagogika, psihologiýa hem-de okatmagyň usulyýeti boýunça ylmy işler jemlenendir.

Neşir Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna institutyň professor-mugallymlarynyň we ýaş alymlarynyň mynasyp döredijilik sowgadydyr.