2026-njy ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniň professor-mugallymlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Iňlis dili Hünärmeni” (ELS) atly maksatnamasynyň çäklerinde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Guanahuato şäherinde ýerleşýän “Universidad de Guanajuati” uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy Kennet Rihteriň iňlis dilini okatmagyň usulyýetine degişli geçiren okuwlaryna gatnaşdylar. Okuwlaryň dowamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullary we pedagogik garaýyşlar barada durlup geçildi. Iňlis dilini okatmagyň işjeň, aňly çemeleşme, kiçi toparlarda we ýekebara işlemek ýörelgelerinden peýdalanmak dogrusynda gürrüňdeşlikler geçirildi. Döredijilikli sözleýiş we ýazuw endiklerini ösdürmekligiň dürli hili iş görnüşleri barada pikir alşyldy. Şeýle-de Kennet Rihter iňlis diliniň grammatikasyny okatmak boýunça birnäçe kitaplary teklip etdi. Ol bu okuw kitaplarynyň netijeleri barada anyk görkezmeleriň üstünde durup geçdi. Okuwyň dowamynda iňlis dilini özleşdirmek üçin niýetlenen birnäçe gönükmeleri hödürledi. Bu gönükmelerde berlen ýumuşlar arkaly sapaga gatnaşýan her bir talybyň işjeňligini ýokarlandyryp boljakdygy barada aýratyn durup geçdi. Özara söhbetdeşlikde talyplaryň söz baýlygyny ösdürmegiň ýollary maslahat berildi. Okuwyň soňky güni sapaklara işjeň gatnaşan iňlis dili mugallymlaryna sertifikatlar gowşuryldy.