2026-06-29
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 2-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan geçirilen “Hytaý Halk Respublikasynyň talyp haky” taslamasyna talyplary seçip almak boýunça bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde institutyň “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili)” hünäriniň IV ýyl talyplary Eziz Şamyradow, Şeker Şanazarowa, III ýyl talyby Rasul Hanjikow ýeňiji bolup, talyp haklaryna we hormat hatlara mynasyp boldular.