jero-photo
news-photo

Talyplarymyzyň üstünlikleri

2026-05-28

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Hytaý dili köprüsi” ady bilen geçirilen 25-nji Bütindünýä bäsleşiginiň seçip alyş tapgyrynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde institutyň “Daşary ýurt dilleri we edebiýaty (hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili)” hünäriniň IV ýyl talyplary Gunça Mawlýanowa we Şeker Şanazarowa III orna mynasyp bolup, hormat hatlaryna we ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldylar.