jero-photo
news-photo

BILDIRIŞ!

2026-05-12

Seýitnazar   Seýdi  adyndaky  Türkmen  döwlet  mugallymçylyk  instituty       2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda “Ylym-bilim XXI asyrda” atly halkara onlaýn ylmy maslahatyny geçirmekligi meýilleşdirýär.

YLMY MASLAHATY BARADA MAGLUMAT

Maslahatyň iş dilleri: türkmen, rus we iňlis dilleri.

Maslahat aşakdaky ugurlar boýunça onlaýn görnüşinde geçiriler:

 

I bölüm. Taryh, jemgyýetçilik ylymlary we medeni miras.

  • II bölüm. Ýaş nesle bilim bermegiň döwrebap usullary.
  • III bölüm. Filologiýanyň häzirki zaman meseleleri.
  • IV bölüm. Tebigy ylymlar we ekologiýada durnukly ösüş.
  • V bölüm. Takyk ylymlary we sanly tehnologiýalar.

Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler nutuklarynyň gysgaça beýanlaryny  we annotasiýalaryny 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli resmi ugrukdyryjy hat bilen hem-de tdmugiylymbolum@gmail.com elektron salga ibermegiňizi haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: +993 (422) 3-45-53; +99363060156

 

Halkara onlaýn ylmy maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanynyň ýazylyşyna umumy talaplar:

  • Nutugyň gysgaça beýanynyň möçberi A4 ölçegli kagyzda 1,5 sahypadan geçmeli däl.
  • Nutugyň gysgaça beýany ylmy maslahatyň iş dilleriniň birinde taýýarlanylmaly we ýazmaça hem-de elektron (diskde) görnüşde hödürlenilmeli.
  • Annotasiýalaryň möçberi 0.5 sahypa bolmaly. Rus we iňlis dilindäki annotasiýalar  degişli kafedralaryň hünärmenleri tarapyndan ýa-da dil merkezlerinde tassyklanylmaly.
  • Gysgaça beýan Times New Roman şriftinde taýýarlanylmaly, onda şular doly görkezilmelidir:
  • awtoryň  ady we familiýasy (doly), sahypanyň sag gyrasynda 14 pt şriftde goýy; ýurdunyň ady ýaýyň içinde 12 pt şriftde gyýtaklaýyn ýazylmaly;
  • Çykyşyň ady, annotasiýalar baş harplar bilen ýazylýar şrift 16 pt, goýy, sahypanyň merkezine düzülen bolmaly;
  • Awtordaş 1-den artyk bolmaly däl;
  • Nutugyň gysgaça beýanynyň tekstini ýazmadan öň 1 setir goýbermeli;
  • Sahypanyň gyralary: ýokarky we aşaky - 2,0 sm, çep - 3 sm, sag - 1,5 sm bolmaly;
  • Matematiki formulalar degişli formula redaktorynyň kömegi bilen ýazylmaly.
  • Gysgaça beýanyň esasy mazmuny 14 pt şrift bilen ýazylýar we sahypanyň inine deňleşdirilýär. Setir aralary 1 bolmaly.
  • Peýdalanylan edebiýatyň sanawy görkezilmeýär.
  • Çykyşyň gysgaça beýany kabul edilen soň düzedişler we goşmaçalar girizilip bilinmeýär.
  • Maslahata ýerli gatnaşyjylar ylmy işiniň gysgaça beýanyny we annotasiýalaryny edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen resmi hat bilen iberilmeli.
  • Guramaçylyk toparynyň çykyşlaryň gysgaça beýanlaryny çap etmek üçin saýlap almaga hukugy bardyr.
  • Halkara onlaýn ylmy maslahat ZOOM platformasynda onlaýn görnüşde geçiriler.
  • Kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.
  • Maslahata gatnaşyjy baradaky maglumaty, çykyşlaryň gysgaça beýanyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ylym bölümine 2026-njy ýylyň 20-nji maýyna çenli ibermeli. 

Salgymyz: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, 746100  Türkmenabat ş., Şabende köç., 7.        

Habarlaşmak üçin telefonlar:  Tel: +993 (422) 3-45-53; +99363060156

Elektron salgy: tdmugiylymbolum@gmail.com

MASLAHATA GATNAŞYJY BARADA MAGLUMAT

 

Awtor(lar)yň familiýasy, ady, atasynyň ady


Alymlyk derejesi


Wezipesi


Bilim edarasynyň ady


Telefonlar (şäher koduny goşmak bilen)


E-mail poçta


Çykyşyň ady


Çykyşyň tematik ugry



Bellik: Maglumat. docx formatda goşulan we faýlyň ady “Maslahata F.A.A. .docx görnüşinde iberilmeli.