2026-05-09
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlarymyzyň ylym, bilim, döredijilik işleri bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda 2026-njy ýylyň 1-2-nji maýynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi we “Bereketli toprak” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden “Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar” atly döredijilik bäsleşiginde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Biologiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijileri Diýar Yhtyýarow II orna, Arzuw Rizakulyýew III orna mynasyp boldy.