“Defektologiýanyň umumy esaslary” atly okuw kitaby çap edildi
2026-05-04
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Mekdebe çenli terbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Jennet Abdullaýewanyň taýýarlamagynda ösüşinde aýratynlygy bolan çagalar bilen işlemegiň ylmy we usuly esaslary barada giňişleýin düşünje berýän “Defektologiýanyň umumy esaslary” atly okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynda pedagogika ylmynyň bir pudagy bolan defektologiýanyň esaslary, inklýuziw bilim, ösüşinde aýratynlygy bolan çagalaryň dürli toparlaryny okatmak, terbiýelemek hem-de olary jemgyýete uýgunlaşdyrmak, hünäre ugrukdyrmak ýaly meseleler beýan edilýär. “Defektologiýanyň umumy esaslary” atly okuw kitaby bu ugur bilen gyzyklanýan giň köpçülik üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.