Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary we döwrebap tejribehana ulgamlary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 23-nji apreli — 2-nji maýy aralygynda netijeli iş saparyny amala aşyrdylar. Bu saparyň esasy wezipesi institutyň täze gurulýan binalar toplumynda omaşdyryljak iň kämil enjamlary gönüden-göni öndürijileriň öz ýerinde öwrenmekden we halkara tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
Iş saparynyň dowamynda wekiller bimäçe kompaniýalarda hem-de Şandun we Pekin pedagogika uniwersitetlerinde bolup, ol ýerdäki duşuşyklar, öwrenilen tejribeler institutyň ylmy-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we sanly bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmaga bolan mümkinçiligini has-da artdyryp, ýokary okuw mekdebinde döredilýän täze bilim gurşawynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boldy.