jero-photo
news-photo

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2026-05-04

     Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek şeýle-de “Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1-31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

        Wagyz-nesihat çäresi talyp ýaşlaryň ata-Watanymyza wepaly, giň gözýetimli, sagdyn bedenli, döwrebap pikirlenip bilýän ýaşlar bolup ýetişmegine bolan ynamyny artdyryp, terbiýeçilik babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy.