Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň V ýyl talyby Salamatow Begenç Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (UNICEF) tarapyndan 2026-njy 21-26-njy apreli aralygynda geçirilýän “Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES-2026)” gatnaşýar. Bu sammite halkara we ylmy jemgyýetçilik guramalarynyň 1500-e golaý wekilli işjeň gatnaşyp, Sammitiň meýilmanmasynyň çäklerinde 24-nji aprelde “Geljekki ekoulgam: çagalar we ýaşlar durnukly ösüşiň arhitektorlary hökmünde” atly ýörite ýaşlar amaly-usuly maslahaty hem geçirilýär.
Sammit Merkezi Aziýadan 100-den gowrak ýaş ekologlaryny bir ýere jemläp, onda ýaşlar suw serişdelerini netijeli ulanmak, energiýa, “ýaşyl” tehnologiýalar we biodürlüligi gorap saklamak we durnukly ykdysadyýete geçmek baradaky öz tekliplerini hödürleýärler.