2026-04-20
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen “Ýaş ylmy açyşlar” atly Halkara ylmy-usuly maslahatda öz ylmy temasy bilen iňlis dilinde çykyş eden Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Daşary ýurt dili we edebiýaty (iňlis dili we edebiýaty)” hünäriniň III ýyl talyby Mähriban Bazarowa II orna mynasyp boldy.