Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi we “Ahal durmuşy” gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde zenanlaryň göreldeli zähmeti bilen goşýan goşandyny açyp görkezmek, olaryň çeper ellerinden çykýan hünärini, edep-ekramyny, maşgala ojagyny aýap saklamakda tutýan ornuny wasp etmek, şeýle-de, zenanlarda çeper döredijilige bolan höwesi artdyrmak maksady bilen geçirilen “Ömürlere ömür berýär eneler” atly döredijilk bäsleşigine Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň uly mugallymy Altyn Rozyýewa gatnaşyp, bu bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edildi.