jero-photo
news-photo

Mekdep okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk ugurly dersler boýunça olimpiada geçirildi

2026-04-17

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 14-15-nji aprelinde ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda V internet olimpiadasy geçirildi. Olimpiada matematika, fizika, informatika, himiýa, biologiýa, geografiýa, ekologiýa derslerinden geçirilip, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan, BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünden okuwçylar gatnaşyp özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.


Olimpiadanyň netijeleri gysga wagtda institutyň resmi web saýtynda ýerleşdiriler.