jero-photo
news-photo

Institutyň talyplarynyň halkara bäsleşigindäki nobatdaky üstünlikleri

2026-03-30

2026-njy ýylyň 24-25-nji martynda dünýäniň zehinli ýaşlarynyň gatnaşmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň guramagynda VI açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiadada institutyň talyplary üstünlikli çykyş edip,  A derejede “Matematika we informatika” hünäriniň talyplary Hanow Gurtgeldi,  Joraýewa Jennet Altyn medala, Janmyradow Myrat Kümüş medala, Şamyradowa Gülnur Bürünç medala mynasyp boldular. B derejede “Matematika we informatika” hünäriniň talyby Babamyradowa Täjinar Altyn medala, “Fizika we informatika” hünäriniň talyby Hydyrow Kemal Kümüş medala, “Matematika we informatika” hünäriniň talyby Azziýew Anwar Kümüş medala, “Matematika we informatika” hünäriniň talyby Merdanowa Aýşat Bürünç medala mynasyp boldy. Institutyň talyplary toparlaýyn bäsleşikde hem Kümüş medala eýe boldular. Talyplaryň bu gazanan ýeňişleri ýaşlarymyzyň bilim ulgamyndaky belent sepgitleriniň we zehinleriniň dünýä ýüzünde dabaralanmasynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.