2026-njy ýylyň 28-nji martynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Ösüşinde aýratynlygy bolan çagalara bilim bermekde defektolog-pedagoglaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat Gurbangulу Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guraldy. Gibrid görnüşinde geçirilen maslahata mugallymçylyk ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň hünärmenleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň dil düzediş toparlarynyň mugallymlary, logopedleri we lukmanlar gatnaşdylar.
Maslahatyň işi umumy mejlisde hem-de üç bölümçede alnyp baryldy. Onuň dowamynda ösüşinde aýratynlygy bolan çagalara bilim bermegiň nazary we amaly esaslaryna bagyşlanan ellä golaý ylmy çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda häzirki zaman bilim ulgamynda inkluziw bilimiň mümkinçilikleri, dünýä tejribesi hem-de mümkinçiligi çäkli çagalaryň ösüşine gönükdirilen täze usullar giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda oňa gatnaşyjylar tarapyndan inkluziw bilimi ösdürmek, defektolog hünärmenleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Edilen çykyşlar, öňe sürülen teklipler şeýle-de hünärmenleriň öz tejribelerinden beren gymmatly maslahatlary oňa gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ýokary derejeli bilim almagy hem-de döwrebap şertlerde terbiýelenmegi babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.