jero-photo
news-photo

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10, 11, 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmen dili we edebiýaty derslerinden internet olimpiadasy geçirildi

2026-03-03

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça has zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 10,11,12-nji synp okuwçylarynyň arasynda 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmen dili we edebiýaty derslerinden internet olimpiadasy geçirildi.

Bu internet olimpiadasyna ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň etraplaryndan, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrligine degişli bolan umumybilim berýän orta mekdeplerinden saýlama tapgyrlarynda ýokary netije görkezen 300-e golaý okuwçy gatnaşdy. Munuň özi ýaş nesillerde ene dilimize we baý edebi mirasymyza bolan gyzyklanmanyň hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen dilini we edebiýatyny çuňňur öwrenmäge bolan isleginiň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.