jero-photo
news-photo

B I L D I R I Ş

2026-04-22

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ylma we hünär döredijiligine höwesli ýaşlary ylmy-taslama işlerine çekmek, zehinli ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen 2026-njy ýylyň 14-15-nji apreli aralygynda “Ösüş üçin innowasiýa – 2026” atly taslama işleriň Sergi bäsleşigini geçirmeklik meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän talyp ýaşlar we olaryň taslama işleri baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 1-nji apreline çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna resmi hat bilen ugratmagyňyzy soraýarys. Serginiň düzgünnamasyny şu ýerden alyp bilersiňiz.