Institityň talyplarynyň halkara derejesindäki üstünlikleri
2026-02-04
2026-njy ýylyň 25-28-nji ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Buhara halkara matematika we himiýa olimpiadalary geçirildi. Bu olimpiadada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary üstünlikli çykyş edip, “Matematika we informatika” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hanow Gurtgeldi altyn medala, “Matematika we informatika” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Janmyradow Myrat kümüş medala, “Himiýa” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary Niýazow Nariman, Şatlykow Allanazar bürünç medala mynasyp boldular. Degişlilikde toparlaýyn bäsleşikde institutyň talyplary matematikadan kümüş kuboga, himiýadan bürünç kuboga eýe boldular. Halkara ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünlikleri türkmen talyplarynyň zehininiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.