jero-photo
news-photo

Okuw-usuly maslahat geçirildi!

2026-02-01

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda “Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Okuw-usuly maslahat, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, olaryň baý ylmy-usuly täzeliklerini we döwrebap tejribelerini paýlaşmagyna giň mümkinçilik döredip, ýurdumyzyň geljegi bolan kämil nesilleri kemala getirmekde mugallymlaryň öňünde duran jogapkärli wezipeleri täzeçe garaýyşlar bilen amala aşyrmaga uly itergi boldy. Maslahat umumy mejlisden 4 sany bölümçeden ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň professor-mugallymlary, terbiýeçileri we hünärmenleri işjeň gatnaşdylar.