Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, pedagogik işgärleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek hem-de ýaşlara bilim bermekde döwrebap usullardan, täze pedagogik garaýyşlardan peýdalanylmagyny gazanmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwarynda “Mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmegiň döwrebap usullary: ylmy gözlegler we täze garaýyşlar” atly okuw-usuly maslahaty geçirilýär. Maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Milli bilim institutynyň, pedagogik ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň professor-mugallymlary, terbiýeçileri we hünärmenleri gatnaşyp bilerler. Maslahat umumy mejlisden 4 sany bölümçeden ybarat bolup, onlaýn we oflaýn görnüşde geçiriler.
Maslahatyň düzgünnamasy institutyň resmi saýtynda goýlar.
Maslahatyň düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu ýere basyň.