Beýik Britaniýanyň professorlary hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçdiler
2026-02-01
2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hyzmatdaşlygyň çäginde däp bolşy ýaly, Beýik Britaniýanyň Westminster uniwersitetiniň professorlary Endrýu Linn Robert we Bezborodowanyň alyp barmagymda Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak bilim taslamasynyň çäklerinde “Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwredilişini çaltlandyrmak” atly maksatnamasy boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlary geçildi. Sapagyň dowamynda iňlis dili mugallymlaryna we iňlis dilini öwrenýän talyplara iňlis dilini okatmagyň hilini kämilleşdirmegiň döwrebap usullaryndan peýdalanyp, bilimlerini kämilleşdirmek, ylmyň we tehnologiýalaryň soňky gazananlaryny okuw işinde netijeli ulanmak, dil bilimi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleri alyp barmak we bu gözlegleriň netijeleriniň ylmy makalalarda şöhlelenmegini gazanmak ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Geçirilen okuw sapagy mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň kalbynda çuňňur orun alyp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini okatmagyň kämil usullaryny ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň iş ýüzündäki dabaralanmasyna öwrüldi.