jero-photo
news-photo

“Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara ylmy maslahatyň çykyşlarynyň beýany neşir edildi

2025-12-16

     Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilen “Ylym we bilim XXI asyrda atly halkara onlaýn ylmy maslahatyň çykyşlarynyň beýany neşir edildi. Bu ýygyndy bäş bölümden, 530 sahypadan ybarat bolup, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy institutlarynyň professor mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, hünärmenleriniň, aspirantlarynyň, doktorantlarynyň hem-de dünýäniň ondan gowrak döwletinden, 30-a golaý ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan daşary ýurtly alymlaryň 100-den gowragynyň ylmyň dürli ugurlaryna degişli ylmy çykyşlarynyň gysgaça beýanlary ýerleşdirildi.

    Ýygyndyda ýaş nesle bilim bermegiň  döwrebap usullaryny  işläp  düzmek,  häzirki zaman pedagogikada, psihologiýada, dürli dersleri okatmagyň  usulyýetinde bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmaga bagyşlanan makalalara aýratyn orun berilýär.